Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Onuň Alyhezreti, 
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy 
jenap Si SZINPINE 

Siziň Alyhezretiňiz! 


65 ýaş toýuňyz mynasybetli meniň tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň! 

Siziň hytaý halkynyň bähbidine üýtgewsiz wepalylygyňyz we ýurduňyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna argynsyz zähmetiňiz hem-de dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi berkitmek ugrundaky işe uly goşandyňyz Siziň Hytaýda we ondan daşarda mynasyp hormata hem-de abraýa eýe bolmagyňyza getirdi. 

Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky ähli ugurlar boýunça hemişe ösdürilýän däp bolan dostlukly gatnaşyklar uzak möhletli we strategik häsiýete eýedir. Ikitaraplaýyn özara gatnaşyklarymyzda uly üstünlikleri gazanmakda Siziň hut özüňiziň berýän ünsüňiziň we hemmetaraplaýyn goldawyňyzyň aýratyn ähmiýeti bardyr. 

Türkmenistan Hytaý bilen hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek maksady bilen, deňhukuklylyk hem-de özara ynanyşmak ýörelgeleriniň esasynda iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de netijeli, anyk ugurlar boýunça we ýokary derejeli ynamly gatnaşyklary alyp barmagy maksat edinýär. 

Hormatly jenap Başlyk, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, şahsy bagtyýarlyk we beýik ýurduňyzyň zähmetsöýer halkynyň öňe gitmeginiň we abadançylygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. 

Çuňňur hormatlamak bilen, 

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.