Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň gruzin dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň gruzin dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň DIM-iň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri, edebiýatşynaslar, alymlar, žurnalistler, institutyň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle-de KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler beýik şahyryň we akyldaryň döredijilik mirasynyň bahasyna ýetip bolmajak milli baýlykdygyny we dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegidigini nygtadylar. Şahyryň şygyrlary adamlaryň kalbynyň töründen orun alýar. Çünki olarda bütin adamzadyň üýtgewsiz gymmatlyklary – Watana bolan söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyga, döredijilige çagyryş çuňňur beýan edilýär.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş eden Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Konstantin Sabiaşwili täze neşiriň türkmen-gruzin medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny pukdalandyrmakdaky ähmiýetini nygtady. Çäräniň barşynda Gruziýanyň ýazyjylarynyň, alymlarynyň we jemgyýetçilik işgärleriniň wideoaragatnaşyk arkaly çykyşlary diňlenildi. Bellenilişi ýaly, Magtymgulynyň goşgularynyň gruzin diline terjime edilmegi Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky dostlugyň, doganlygyň we ýakyn hyzmatdaşlygyň ýene bir aýdyň mysalydyr.

Çärä gatnaşyjylar şahyryň garaýyşlarynyň beýleki halklara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, demokratiýa, däp-dessurlara ygrarlylyga esaslanýandygyny bellediler. Bu ýörelgeler Türkmenistanyň Bitaraplygynyň mazmunyny emele getirýär we ýurdumyzyň diplomatiýasynyň parasatlylygynyň, dowamatlylygynyň hem-de ähmiýetiniň çeşmesi bolmagyny dowam etdirýär. Şahyryň edebi mirasy siwilizasiýalaryň dialogy diýlip atlandyrylýar.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar täze neşiriň üsti bilen gruzin dilli okyjylaryň Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiligi bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alandyklaryna ynam bildirdiler.