Türkmenistanyň Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy

img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 30-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan prezidenti Masud Pezeşkianyň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy.

Saparyň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Daşary işler ministrini kabul etdi. Söhbetdeşligiň barşynda R.Meredow goňşy döwletiň Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Eýran Yslan Respublikasynyň wezipä girişmegi bilen gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Dostlukly häsiýete eýe bolan we dürli ugurlar boýunça oňyn özgerdilýän türkmen-еýran hyzmatdaşlygynyň depginli ösüşini bellemek zerurdyr. Ýokary we iň ýokary derjelerde ýola goýlan gatnaşyklar bu hyzmatdaşlygyň berkidilmegine itergi berýär.