Türkmenistanyň Ilçisi Wýetnamyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 21-nji iýunynda Hanoý şäherinde Türkmenistanyň Wýetnam Sosialistik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Pekin ş.) P.Durdyýewiň Wýetnamyň Prezidenti To Lama ynanç hatyny gowşuryş dabarasy geçirildi.

Söhbetdeşligiň başynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentiniň adyna ýollanan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi, şeýle hem türkmen tarapynyň dürli ugurlar boýunça Türkmenistan bilen Wýetnamyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan türkmen-wýetnam gatnaşyklarynyň gün tertibi boýunça pikir alyşyldy.

To Lam jogap hökmünde özüne ýollanan mähirli salamllar we arzuwlar üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa dostlukly salamyny ýetirmegi haýyş etdi.