BAE-nyň Ykdysadyýet ministri bilen duşuşyk geçirildi

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BAE-nyň Ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň çäklerinde ýola goýlan gatnaşyklary has hem çuňlaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, söwda dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmak, özara peýdaly ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak barada anyk teklipler beýan edildi.

Taraplar nebit-gaz we himiýa senagaty, energetika, ulag, maliýe we bank pudagyndaky gatnaşyklary giňeltmäge ünsi çekip, söwda-ykdysady ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge özara ygrarlylygyny tassykladylar.

Söhbetdeşler şu günüň birinji ýarymynda geçirilen «Türkmenistan - BAE» işewürlik maslahatynyň netijeliligini hem bellediler.

Şeýle hem, taraplar iň ýokary we ýokary derejelerdäki saparlaryň türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň ösüşinde möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.