TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝUNESKO-NYŇ WEKILINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory hanym Golda El-Hurini kabul etdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň özüniň wekilçilik edýän iri düzüminiň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, Golda El-Huri geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawynyň üstüniň “Türkmen keşdeçilik sungaty”, “Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri” hem-de “Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi” ýaly maddy däl medeni mirasyň görnüşleri bilen ýetirilendigini aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa degişli güwänamalary gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz bu saparyň netijeli boljakdygyna we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirdi.

degişli güwänamalary gowşurandygy üçin ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow munuň baý medeni mirasyny aýawly saklap, ony nesilden-nesle geçirip gelýän türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşýan ägirt uly goşandynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydygyny belledi.

Özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we ÝUNESKO-nyň klaster edarasynyň direktory dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan taryhy-medeni mirasy, tebigy ýadygärlikleri gorap saklamak ugrunda ýurdumyzyň giň gerimli işleri alyp barýandygyny nygtadylar. Şu ýyl Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, bilelikde ägirt uly işleriň amala aşyrylandygyna, medeni-ynsanperwer ugurda, taryhy mirasy gorap saklamakda özara gatnaşyklaryň ägirt uly tejribesiniň toplanandygyna üns çekildi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň hünärmenleriniň daşary ýurtly bilermenler bilen bilelikdäki hyzmatdaşlygy netijesinde, ýurdumyzyň çäklerinde bar bolan “Gadymy Merw” we “Köneürgenç” döwlet taryhy-medeni goraghanalary, Köne we Täze Nusaý galalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Mundan başga-da, “Görogly” dessançylyk sungatynyň, Nowruz baýramynyň, “Küştdepdi” aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň beýanydyr.

Duşuşygyň dowamynda Aşgabady ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak, şeýle hem geljekde halkymyzyň sungatynyň beýleki görnüşlerini we özboluşly däp-dessurlaryny ÝUNESKO-nyň mirasynyň sanawyna girizmek boýunça häzirki wagtda durmuşa geçirilýän işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory Golda El-Huri Türkmenistanyň BMG we onuň düzümleri bilen köpugurly gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine, medeni hyzmatdaşlyk, parahatçylygy pugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek arkaly, halklaryň arasyndaky ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň berkidiljekdigine ynam bildirdiler.