img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
HYTAÝ HALK RESPUBLIKASY - PEKIN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Birža söwdalarynda nebiti we pagtany gaýtadan işlemekden alynýan önümler öňdeligi eýelediler

photo

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy. 

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Türkiýeden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we nebit bitumyny satyn aldylar. Bulardan başga-da daşary ýurt walýutasyna reňksiz aýna, portlantsement, nah ýüplük we gyzyl noýba ýerlenildi.Satyn alan ýurtlar: Pakistan, Owganystan, Gyrgyzystan, Özbegistan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 27 million 500 müň dollaryndan gowrak boldy. 

Manat serişdelerine Pakistandan we Ermenistandan gelen işewürler jemi bahasy 655 müň manatlyk nah ýüplügi satyn aldylar.