BAKUDA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-AZERBAÝJAN HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ MEJLISI

2022-nji ýylyň 28-29-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Atdaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Baku şäherinde sapar bilen boldy.

29-njy noýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Atdaýew Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi.

Türkmenistanyň wise-premýeri Azerbaýjanyň liderine gyzgyn garşylandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Azerbaýjanyň Prezidenti öz gezeginde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-azerbaýjan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmek meselelerine seredildi. Hususan-da, taraplar ulag we energetika ugurlaryndaky meseleleriň üstünde durup geçdiler. Azerbaýjanyň lideri ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamalaryň we medeni-ynsanperwer ugrundaky meýilnamalaryň ilerledilmeginiň wajypdygyny belledi.

Azerbaýjanyň Prezidenti Toparyň mejlisiniň işiniň üstünlikli geçmegini arzuw edip, geljekki mejlisiň ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary berkitmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Günüň ikinji ýarymynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan Hökümetara toparynyň altynjy mejlisi geçirildi.

Toparyň mejlisine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Atdaýew, azerbaýjan tarapyndan Azerbaýjanyň Ykdysady ministri Mikail Jabbarow ýolbaşçylyk etdiler.

Mejlisiň başynda Toparyň geçen mejlisiniň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi bilen bagly pikir alşyldy. Iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hem-de işewürler toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça tekliplere seredildi.

Haryt dolanyşygynyň möçberiniň artýandygy nygtaldy we söwda hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de giňeldilmegine ýardam etjek täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň möhümdigi bellenildi. Şeýle hem seredilip geçilen temalaryň arasynda gämi gurluşygy, gämi abatlaýyş we senagatyň beýleki pudaklary hem bar. Mundan başga-da, Bakuda Türkmenistanyň Söwda öýüniň we Aşgabatda Azerbaýjanyň Söwda öýüniň açylmagynyň geljegi, şol sanda Türkmen-Azerbaýjan Işewürler Geňeşini döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan Hökümetara toparynyň nobatdaky ýedinji mejlisini 2023-nji ýylda Aşgabatda geçirmegi ylalaşdylar.