HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINE RESMI SAPARY TAMAMLANDY

22-nji noýabrda Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň ikinji gününiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan - BAE» işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni dostlukly ýurduň işewürleri bilen duşuşygyň geçirilýän ýerine — kaşaň «St.Regis Abu Dhabi» myhmanhanasyna tarap ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary söwda boýunça döwlet ministri Tani bin Ahmed Al Zeýudi we BAE-niň Söwda-senagat edaralary federasiýasynyň başlygy Abdulla Al Mazrui mähirli garşyladylar.

Myhmanhananyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan, Türkmenistanda öndürilen dürli görnüşli önümleriň sergisi işewürlik maslahatyna gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. 

BAE-niň Söwda-senagat edaralary federasiýasynyň başlygy Abdulla Al Mazrui duşuşygy açyp, belent mertebeli türkmen myhmanyny tüýs ýürekden mübärekläp, dünýäniň okgunly ösýän ýurtlarynyň biriniň Baştutany bilen duşuşmagyň özi we ýygnananlaryň ählisi üçin uly hormatdygyny nygtady.

Soňra Türkmenistanyň hormatly Prezidentine söz berildi.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny mübärekläp, 2012-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň, şeýle-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen BAE-niň Söwda-senagat edaralarynyň federasiýasynyň arasyndaky işewürlik geňeşiniň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň oňyn görnüşleri bolup durýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekillerini iki döwletiň hem ägirt uly mümkinçiliklerine laýyk gelýän giň gerimli, özara bähbitli hakyky hyzmatdaşlyga çagyryp, çykyşynyň ahyrynda duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, abadançylyk, işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Türkmenistanyň ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri barada gürrüň berýän ýörite wideoşekiller ýygnananlarda uly gyzyklanma döretdi. Bu wideoşekiller sahnada gurnalan monitorda görkezildi.

 «Türkmenistan — BAE» işewürlik maslahatynyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy forumyň örän netijeli häsiýete eýe bolandygyny tassyklady.

Şeýle-de iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda logistik hyzmatlary etmek we dürli eksport-import amallaryny geçirmek barada ylalaşyklar gazanyldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow işewürlik maslahatyna gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, awtoulagda Watan ugrunda wepat bolanlaryň hormatyna bina edilen «Wahat Al Karama» ýadygärlikler toplumyna tarap ugrady.

Hormatly Prezidentimiz Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçip, ýadygärlige gül dessesini goýdy we Birleşen Arap Emirlikleriniň milli gahrymanlaryny hatyralady.

Döwlet Baştutanymyz ýadygärlikler toplumynyň Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy hem-de emirlikler tarapynyň wekilleri bilen surata düşdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni Şeýh Zaýed metjidine tarap ugrady. Bu ýerde belent mertebeli myhmany metjidiň dolandyryş merkeziniň baş müdiri Ýusef Al Obaidli garşylady hem-de metjidiň içinde — merkezinde ýörite bellenen ýere geçdiler.

Hormatly Prezidentimiz Şeýh Zaýed metjidini synlanyndan soňra, çykalga tarap ugrady we Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Bu ýerde belent mertebeli myhmana şu metjit barada gürrüň berýän kitaplar sowgat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň wekilleri bilen mähirli hoşlaşyp, Abu-Dabiniň Halkara howa menziline ugrady.

Şol ýerde Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary söwda boýunça döwlet ministri Tani bin Ahmed Al Zeýudi bilen bolan söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz türkmen wekiliýetiniň mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, ýokary derejedäki gepleşikleriň, ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem-de «Türkmenistan — BAE» işewürlik maslahatynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň däp bolan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparyny tamamlap, Watanymyza ugrady.