Oýunlar durmuşyň we taryhyň sapaklary ýaly ýa-da sportuň häzirki görnüşleriniň gadymy kökleri barada

Türkmen halky özüniň bäşmüňýyllyk taryhynyň dowamynda ýetmiş döwlet, şol sanda iri imperiýalary döretdi. Olar dünýä siwilizasiýasynyň taryhynda uly yz galdyrdy. Ata-babalarymyz parahatçylyk söýüjilik we özboluşlylyk ýaly milli häsiýetleriniň bolandygyna garamazdan, ene topragymyzy we eziz Watanymyzyň garaşsyzlygyny goramak üçin köp uruşlary başdan geçirmeli boldular. 

Türkmeniň ýeňil bolmadyk tebigy-howa şertlerinde ýaşan ata-babalaryna bolsa has irki taryhy döwürlerde daşky gurşaw, haýwanat we ösümlik dünýäsi bilen ýaşamak hukugyny goramak paýy düşüpdi. 

Gurak zolagyň suw gorlarynyň örän çäkli şertlerinde ekerançylyk bilen meşgullanmak, aw etmek beden taýdan taplygy hem-de ruhy taýdan durnuklylygy talap edipdir. Çünki awçylygyň dowamynda diňe ýyrtyjy haýwanlar däl-de, eýsem, surnukdyryjy yssy howa, galyberse-de, ene topragymyza şek ýetirjek bolan duşmanlara garşy yzygiderli söweş hereketleri uly howp salypdyr. 

Şonuň üçin türkmenler öz çagalaryny ir döwürden başlap, durmuşa uýgunlaşdyrmak üçin halkyň terbiýeçilik tejribesine giren oýunlary we sport maşklaryny ulanypdyrlar. Bu oýunlaryň aýry-aýry görnüşleri wagtyň geçmegi bilen däp-dessurlaryň we tanslaryň bir bölegine öwrülip, awa gitmezden öň, ýa-da söweşe başlamazdan öň ýerine ýetirilipdir. Munuň özi adamy öňde boljak waka beden we ruhy taýdan taýýarlapdyr. Sport bilen bagly adalgalary ulanmaly bolsa, ýaryşdan öňki türgenleşik diýip atlandyrmak hem bolar. 



Şonuň üçin çaga oýunlary diňe güýmenje bolmak bilen çäklenmän, eýsem, durmuşyň özboluşly sapaklary, ösüp gelýän nesli durmuşa taýýarlamagy maksat edinen mekdep bolup hyzmat edipdir. Şeýle sapaklar çagalygyň ir döwründe başlanypdyr. 

Şol bir wagtyň özünde oýunlar düzgün bolşy ýaly, gyzykly, göçgünli we özüne çekiji bolupdyr. Halk terbiýesi hem şol ýörelgelere esaslanypdyr – çagalara oýunlar arkaly bilim berlen bolsa, ýetginjeklere we gyzlara däp-dessurlar arkaly durmuşda, awda we söweşde zerur bolan endiklere eýe bolmaga kömek edipdirler. 

Biziň ata-babalarymyz şahsyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmek maksadynda çagalar üçin köpsanly oýunlary oýlap tapypdyrlar. Dürli ýerlerde ugur tapmak, çakgan bolmak, güýjüňi we çalasynlygyňy artdyrmak ýaly adaty endiklerden başga-da, oýunlar çagalarda zehini hem-de ruhy-ahlak häsiýetleri, erk-islegi, maksada ýetmekde tutanýerliligi, üşükliligi döretmäge, toparyň düzüminde umumy dil tapmak hem-de sazlaşykly hereket etmek başarnygyny kemala getirmäge gönükdirilendir. 

Halk oýunlary milletimiziň döreýşiniň şaýatlary bolup durýar diýsek öte geçdigimiz bolmaz, onuň taryhy bäş müň ýyla barabar döwri öz içine alýar. 

Şonuň bilen birlikde, çagalar ulalyp, eýýäm ýetginjekler oýunlaryna gatnaşypdyrlar, olaryň alamatlaryny “şa aw-şikarlary” wagtynda görmek bolupdyr. Olar harby-taktiki okuwlary ýadyňa salyp, ýaragly atlylardan ybarat bolan dürli toparlaryň özara hereketleri özleşdirilipdir. 

Jerenleri awlamak üçin geçirilen şikar wagtynda atlylaryň aýratyn topary haýwanlaryň has uly sürülerini yzarlap, olaryň içinden atlylaryň esasy güýji bilen awlanjak keýikleri saýlap alypdyrlar. Beýleki topar bolsa, sürini kowup, öňde garaşyp duran awçylaryň duzagyna sürüpdirler. 

Şunuň ýaly aw-şikarlara wagtal-wagtal hökümdaryň özi gatnaşyp, goşunlarynyň ukybyny barlamak maksady bilen geçiripdir. Şeýle çäreler azyk ýetmezçiligi üçin däl-de, eýsem, raýatlaryň (asudalyk döwründe—adaty maldarlar, ekrenaçylar we senetçiler, uruş döwründe bolsa, oňat tälim alan esgerler) öz söweşjeň endiklerini saklap galmagy üçin geçirilipdir. Ýabany haýwanlary kowalamak, awlamak bilen bagly bolan şeýle hereketler harby-oýun tälimlerini ýadyňa salypdyr. 



Ýetginjekler oýunlary baradaky gürrüňe gaýdyp gelmek bilen, olaryň köpüsiniň sportuň häzirki görnüşleri bilen örän meňzeşdigini bellemek gerek. Mysal üçin, “çilik-hekgal” oýny häzir tutuş dünýäde meşhur bolan golf oýnuny “çilik” – otuň üstündäki hokkeýi we beýleki oýunlary ýadyňa salýar. Gadymy döwürde olar çagalara taýaga erk etmegi öwredipdir, çünki taýak başarnykly ellerde ýaraga öwrülipdir. 

Mysal üçin, “çowgan” diýen gadymy atly oýun (häzirki döwürde at üstünde oýnalýan top oýnuny ýada salýan) atla at üstünde berk saklanmagy öwredip, şol bir wagtda-da bäsdeşlerden üstün çykyp, agaç görnüşli şary iki sütüniň arasyna salmak üçin taýaga başarnykly erk etmegi öwredýär. Şeýle oýun çagalykdan endikleri terbileýärdi. Şol endikler arkaly ýetginjek ýönekeý taýak bilen goýun sürüsine hüjüm etmäge çemeleşýän möjegiň ünsüni sowup bilýärdi. Zerur ýagdaýynda bolsa taýagy gylyja çalşyp, çopan dessine oňat endik alan söweşjeň atla öwrülip bilýärdi. 

Mysal hökmünde “çilik-hekgal” diýen oýny gysgaça gürrüň bersek, ýerlikli bolar. Bu barada öz döwründe meşhur türkmen alymlary—akademik A.Jykyýew hem-de professor Ö.Gündogdyýew giňişleýin gürrüň berdiler. 

Gyş döwründe, ilat oba hojalyk işlerinden boş wagty 20 ýaşa çenli bolan ýetginjekler meýdana ýygnanypdylar. Oýunçylar ýany bilen takmynan ýetmiş santimetrden çala gowrak bolan uzynlykdaky taýagy hem-de uly bolmadyk ýörite taýýarlanan uzynlygy 25 santimetr bolan iki tarapy uçly taýagy – “çiligi”getirerdiler. Taýaklary oýunçylaryň özleri agajyň berk görnüşlerinden ýa-da gyrymsy agaçlardan, adatça ýylgyndan taýýarlaýardylar. 

Ýeriň ýüzünde diametri on metre golaý bolan töwerek çyzýardylar. Onuň içinde bellik bolup hyzmat eden daşlar ýerleşip, ýeňlişe sezewar bolýan oýunçylar şolara çilik bilen degirmelidiler. Käwagt daşlaryň ýerine bellik hökmünde gazylan çukur goýulýardy. Munuň özi bu oýny häzirki döwürdäki golfa has-da ýakyn edýär. 

Ýeňlip barýan topar töweregiň daşynda ýerleşýär. Toparyň öňbaşçysy çiligi eline alyp hem-de ony ýokary zyňyp, ony taýak bilen urýardy. Ol urup bilmedik ýagdaýynda, onuň ikinji synanyşyga hukugy bardy. Eger bu synanyşygy hem başa barmasa, onda ol taýagy öz toparynyň beýleki oýunçysyna geçirýärdi. 



Eger garşydaş toparyň oýunçysyna çiligi howadaka tutmak başartsa, onuň tutuş topary ýeňiş gazanýardy; toparlar ýerlerini çalyşýardylar. Güýçli urgudan soňra çilik 100 metre çenli aralyga zyňlyp bilýärdi. Ýeňlip barýan toparyň oýunçylarynyň biri çiligi ýerden galdyrýardy hem-de şol ýerden ony bellik goýlan tarapa zyňýardy. 

Eger ol bellige düşse, onda topar ýeňýärdi. Eger-de çilik diňe töwerege ýetse, onda ony yza zyňýardylar, özi-de oýunçylaryň ýok ýerine zyňylýardy; alyp baryjy toparyň oýunçysynyň şu ýagdaýda çiligi eline almaga hukugy ýokdy, elindäki taýagy bilen seresaplyk bilen ony ýokary galdyryp urmalydy. 

Utulyp barýan topar çiligi ýene-de bellige tarap zyňýardy. Bellige yzly-yzyna dört gezek degmeseň hem-de çiligi howadaka tutmasaň, oýunçylar jerime utuklaryny alýardylar hem-de bir bitin utugy ýitirýärdiler. 

... Türkmenleriň halk oýunlaryna, şol sanda “çilik-hekgalyň” döränine birnäçe müň ýyllar bolandygyna garamazdan, golfyň resmi taýdan dörän senesini ol barada ilkinji gezek ýazuw görnüşdäki ýatlanylmagyny hasaplamak kabul edilendir. Günbatar taryhçylary munuň Şotlandiýadygyny çak edýärler. Bu ýurduň parlamenti 15-nji ýüzýyllykda çykaran namasy bilen bu döwletiň raýatlarynyň harby işi öwrenmegiň deregine köplenç ellerine taýak alyp ylgamak bilen meşgullanýandyklary üçin bu oýny gadagan edipdir. 

Taryhy taýdan geň ýagdaý: sportuň täze görnüşiniň resmi taýdan döremegi öz gözbaşyny onuň gadagan edilen gününden alyp gaýdýar. 

Adalatyň hatyrasyna bu senä garşy çykýanlaryň hem bardygyny belläp geçmek gerek. Mysal üçin, gollandiýalylar golfyň öz ýurtlarynda 1297-nji ýylda dörändigi baradaky maglumatlara eýediklerini tassyklaýarlar. 

Hytaýly taryhçylar has-da aňyrky senäni agzaýarlar. Olar Şotlandiýada golfyň gadagan edilmegine çenli 500 ýyl öň Hytaýda “çuýwan” diýen oýny oýnapdyrlar. Onuň düzgünleri golfy örän gowy ýatladýar. 

Islendik ýagdaýda-da boýun almak gerek: sportuň bu görnüşiniň nusgasy gadymyýetde ençeme ýurtlarda, şol sanda türkmenlerde-de bolupdyr. 

Halk oýunlarynyň hem-de sport güýmenjeleriniň aýry-aýry görnüşleri häzirki günlerde resmi sport görnüşleriniň derejesine eýe boldy. Şolar boýunça milli ýaryşlar hem-de halkara çempionatlar geçirilýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, milli göreş, at çapyşyklarydyr. Ata-babalarymyzyň at çapyşyklarynda häzirki döwürdäki konkur bilen meňzeşlikleri arkaýyn görmek bolýar. 

Ata-babalarymyzyň bu oýunlary nesilden-nesle aýawly geçirip, dünýä siwilizasiýasynyň genji-hazynasyny baýlaşdyran beýik medeni mirasymyzyň bölegi hökmünde olary häzirki günlerimize çenli hem saklandyklary ajaýypdyr.