Ilkinji ýyldyzlar galkynmagyň ýolunda

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlar döwründäki tälimçilik okuwlary başlady. Bu bolsa sentýabr aýynda Oýunlara geljek ähli adamlary galkyndyrjak Ilkinji ýyldyzlaryň Aşgabat 2017 tejribesinde täze tapgyra gadam basýandygyny aňladýar. Geçen duşenbe gününden başlapsentýabr aýyna çenli biziň meýletinçilerimiz Olimpiýa şäherçesinde öz wezipeleri boýunça başarnyklaryny kämilleşdirmek üçin tälimçilik okuwlaryny geçerler.  

Ilkibaşda Ilkinji ýyldyzlaryň meýletinçillik iş ýagdaýy dürlüdi,ýagny käbirleriniň eýýäm toplan terjibesi bardy, käbirleri bolsa täze açylan sahypa ýalydylar. Emma “Siziň galkynmaly wagtyňyz” atly Oýunlardan öňki meýletinçilik maksatnamasynyň hem-de geçirilen synag çäreleriň kömegi arkaly biziň meýletinçilerimiz uly tejribe gazandylar we “meýletinçi” sözüniň aňladýan manysyna has gowy düşündiler.    

Geljekki birnäçe hepdäniň dowamynda Ilkinji ýyldyzlarymyz üçin tälimçilik okuwlary güýçli depginde alnyp barylar. Tälimçilik okuwy umumy okuw, ýerine ýetirýän wezipesiniň aýratynlyklary boýunça nazary okuw we amaly okuw ýaly tapgyrlardan ybaratdyr. Mundan başga-da, topar ýolbaşçy wezipesine bellenen meýletinçiler ýörite tälim okuwlary geçerler.    

Şu hepde başlan umumy tälimçilik okuwy meýletinçileriň köp sanly ukyplaryny ösdürmäge, bilimlerini artdyrmaga gönükdirilendir. Mundan başga-da, tälimçilik okuwynda Oýunlaryň agzalaryny myhmansöýerlik bilen garşylamak hem-de degişli desganyň iş toparlarynda ýerine ýetirmeli wezipeleri barada maglumat beriler. 

Tälimçilik okuwynyň baş dolandyryjysy Jill Kuk okuwlaryň geçirilişi barada şeýle belledi: “Taýýarlyk işleri şowly geçýär. Gatnaşyk gowy we meýletinçileri taýýarlamak işi şowly gidýär. Biz ýetip gelýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda meýletinçileriň öz ukyplaryny görkezip bilmekleri üçin, olara iş hereketleri barada maglumaty we dürli düzgünleri öwredýäris, bellenen wezipeleri boýunça bilim berýäris. Umuman, biz meýletinçi ýardamçylaryň ählisiniň ilkinji iş hereketinde öz borçlaryny we jogapkärçiliklerini doly we ýokary derejede ýerine ýetirmeginde isleýäris”.      

D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynyň talyby we Oýunlar döwründe Türgenler şäherçesinde topar ýolbaşçy bolmaly Güller Bekedowa şeýle belläp geçýär: “Umumy tälimçilik okuwynyň birinji tapgyry örän gyzykly geçdi. Bu meniň Oýunlar döwründe meýletinçilik işleri baradaky düşünjämi kämilleşdirdi. Häzirki wagt men okuwyň indiki tapgyryna sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn”.   

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby we Oýunlar döwründe Akkreditasiýa bölüminiň topar ýolbaşçysy Akmyrat Ýazmyradow hem öz pikirlerini şeýle beýan etdi: “Umumy tälimçilik okuwynyň tapgyrynyň dowamynda men özüm üçin örän peýdaly maglumatlary, şol sanda howpsuzlyk, myhmanlary garşylamak edepleri we desganyň iş topary barada öwrendim. Men tälimçilik okuwyny dowam ederin, sebäbi meniň esasy maksadym başarjaň topar ýolbaşçy bolmakdyr”. 

Biziň Ilkinji ýyldyzlarymyz – Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýularynyň üstünlikli geçmeginiň esasy şerti bolup durýar we tälimçilik okuwy olara galkynmaga we iň gowy Oýunlary geçirmäge mümkinçilik berer.  

Tälimçilik okuwy barada goşmaça maglumat almak üçin meýletinçileriň aragatnaşyk merkezi bilen 94-80-24 telefon belgisi ýa-da infovolunteering@ashgabat2017.com elektron salgysy arkaly habarlaşyp bilersiňiz.