Birinji Hazar ykdysady forumynyň işewür meýdançasynyň netijeliligi sanlarda

Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak we görnüşlerini giňeltmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän ykdysady syýasatynyň möhüm ugrudyr. Milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, senagat ulgamyny we obasenagat toplumyny ösdürmek, hususy işewürligi döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldamak boýunça iri möçberli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde bu ulgamda düýpli özgertmeler bolup geçýär. Ýurdumyzyň harytlaryna içerki bazarda bolşy ýaly, daşary bazarlarda-da isleg artýar. 

Muny bolsa, ozal habar berlişi ýaly, birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Hazar innowasion tehnologiýalar halkara serginiň işiniň barşynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan guralan birža söwdalary aýdyň görkezdi. Umumy bahasy ABŞ-nyň 380 million 179 müň dollaryndan gowrak hem-de 96 müň 600 manatlyk örän köp sanly — 256 sany baglaşylan geleşikler birža söwdalarynyň netijeleri boldy. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 43 million manatlyk geleşik baglaşdylar. 

Söwdalarda nebit-gaz we himiýa senagatynyň kärhanalarynyň — Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň, «Garabogazkarbamid» we «Marykarbamid» zawodlarynyň, «Hazar» himiýa zawodynyň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Balkanabatdaky hem-de Bereketdäki ýod zawodlarynyň önümleri öňdebaryjylar boldy. Şol önümler TS-1 kysymly awiasion kerosin, A-80 kysymly ulag benzini, dürli kysymly dizel ýangyjy, şol sanda EKO-5 kysymly gidro usulda arassalanan dizel ýangyjy, şeýle hem «B» kysymly karbamid, tehniki ýod, nebit koksy ýaly önümlerdir. 

Ýakynda Ahal welaýatynda ulanmaga tabşyrylan tebigy gazdan benzin öndürýän zawod tarapyndan çykarylan ECO-93 kysymly ulag benzini we suwuklandyrylan gaz, şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň Gyýanlydaky polimer zawodynyň ýokary dykyzlykdaky polietileni daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň aýratyn isleginden peýdalandy. 

Bu nebit we gazhimiýa önümlerini Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gonkongdan, Şweýsariýadan, Beýik Britaniýadan, Lýuksemburgdan, Singapurdan, Maltadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan bolan işewürler satyn aldylar. Bu tapgyrdaky geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 335 million 476 müň dollaryna barabar boldy. Mundan başga-da, ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazarymyz üçin umumy bahasy 43 million manat bolan polietilen we polipropilen satyn aldylar. 

Türkiýäniň, Şweýsariýanyň işewürleri oba hojalyk önümlerine degişli söwdalara gatnaşdylar. Olar pagta süýümini satyn almak üçin umumy bahasy ABŞ-nyň 36 million 884 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 4-sini baglaşdylar. 

Ýeňil senagaty boýunça söwdalara Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, ABŞ-dan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden we Gruziýadan bolan işewürler gatnaşdylar. Olar nah ýüplügini, flanel hem-de jinsi matalary satyn almak üçin umumy bahasy ABŞ-nyň 6 million 308 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 19-syny hem-de 96 müň 600 manatlyk bahasy bolan 1 geleşik baglaşdylar. 

Gurluşyk serişdeleri boýunça söwdalara Özbegistanyň we Gonkongyň işewürleri gatnaşyp, reňksiz aýna we portlandsement satyn almak üçin umumy bahasy ABŞ-nyň 1 million 510 müň dollaryndan gowrak bolan 9 geleşik baglaşdylar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçirmek başlangyjy bilen çykyş eden birinji Hazar ykdysady forumy ýene-de bir möhüm waka beslendi — Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyna ISO 9001 ölçegine kybap gelýän degişli güwänama gowşuryldy. Bu resminama biržada Halkara standartlaşdyrmak guramasynyň (International Organization for Standardization) talaplaryna kybap gelýän hil menejmenti ulgamynyň üstünlikli hereket edýändigine şaýatlyk edýär. 

Häzirki wagtda 160-dan gowrak döwlet ISO-nyň agzasydyr. Halkara ölçegleri işläp taýýarlaýan bu abraýly gurama BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşinde maslahat beriş derejesine eýedir hem-de Bütindünýä söwda guramasynda (BSG) goldawdan peýdalanýar. 

25 ýyl mundan ozal döredilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy (TDHÇB) ýurdumyzda eksport-import amallaryny döwlet tarapyndan düzgünleşdirýän esasy edaranyň wezipesini ýerine ýetirýän möhüm ykdysady institutlaryň biriniň ornuny eýeleýär. Biržanyň işiniň ýokary ykdysady görkezijileri oňa halkara ykdysady ulgamyna ýakynlaşmaga hem-de dünýäniň giň işewür toparlarynda mynasyp derejede ygtybarly hyzmatdaşyň abraýyny eýelemäge mümkinçilik berdi. 

TDHÇB döredilmeginiň ilkibaşky döwürlerinde biržanyň hukuk derejesini gutarnykly kesgitlän kadalaşdyryjy namalaryň birnäçesi kabul edildi, täze bazar şertlerinde ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi uly ugurlary kesgitlenildi. Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işiniň kanunçylyk kadalary we düzgünleri yzygiderli kämilleşdirilip, döwrüň talaplaryna hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady syýasatyna kybap getirilýär. 

Türkmenistanyň biržasynyň esasy aýratynlygy onuň ilkibaşdan döwlete degişli bolmagynda galýandygyndan ybaratdyr. Şunda TDHÇB-niň işi örän giňdir, strategik wezipeler bolsa haryt dolanyşygyny köpeltmekden we tizleşdirmekden: bir tarapdan, ýurdumyzyň harytlarynyň eksportyny artdyrmakdan, beýleki tarapdan bolsa, içerki bazary halkyň sarp edýän zerur harytlary, önümçilik-tehniki ähmiýetli önümler we ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga niýetlenen enjamlar bilen doldurmakdan ybaratdyr. 

Biržanyň hünärmenleri ýurdumyzyň içinde bolşy ýaly, onuň çäklerinden daşarda hem öndürijiler bilen sarp edijileriň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýýarlar we hemmetaraplaýyn ösdürip, Türkmenistana daşary ýurt maýasyny giňden çekmek üçin oňaýly şertleri döredýärler. 

Şunuň bilen birlikde, biržanyň işgärleri döwlet düzümleri hem-de hususy telekeçiler üçin daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň we önümleriň seljermesini geçirýärler. Bularyň ählisi bilelikde alanyňda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ykdysady işleri ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerini çözmäge ýardam berýär, önümçiligi höweslendirýär, daşary söwda amallarynyň hukuk we salgyt binýadyny kämilleşdirmegiň ýollaryny salgy berýär. 

Biržada daşary ýurtly gatnaşyjylar üçin erkin hereket edýän pulda töleg geçirilýän şertnamalardan başga-da, Türkmenistanyň milli puly bolan manatda töleg geçirilýän daşary söwda şertnamasyny baglaşmaga mümkinçilik berilýär. 

Häzirki wagtda biržanyň söwdalarynda türkmen önümçiliginiň dünýäniň 40-dan gowrak döwletine, şol sanda ABŞ-a, Hytaýa, Russiýa, Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, Birleşen Arap Emirliklerine, Singapura, Türkiýä, Bangladeşe we beýleki ýurtlara eksporta iberilýän harytlary ýerlenilýär. Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň, himiýa senagatynyň önümleriniň ähli görnüşleri, ulular we çagalar üçin trikotaž we tikin önümleri, trikotaž matalary, pagta süýümi, nah ýüplük, goýun, geçi, düýe derileri, buýanyň köki we onuň ekstrakty, şeýle hem ýerli öndürijileriň köpugurly önümleri dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar. 

Munuň şeýle bolmagyna hormatly Prezidentimiziň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty, durnukly ykdysady ýagdaý hem-de bütin dünýäniň işewürlerini ýurdumyza çekýän amatly maýa goýum ýagdaýy ýardam berýär. 

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan hukuk binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň eksport edilişiniň mukdaryny artdyrmak hem-de onuň ugurlaryny mundan beýläk-de giňeltmek bilen baglanyşykyly birnäçe işler amala aşyryldy. 

Degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň tekliplerini, şeýle hem «Haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny göz öňünde tutup, 2015-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň meseleleri hakynda» Karara gol çekdi. Bu möhüm resminamada TDHÇB hakynda Düzgünnama hem-de biržada hasaba almaga degişli bolan daşary söwda we içeri söwda şertnamalarynyň görnüşleriniň sanawy tassyklanyldy. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň kiçi we orta işewürligi döwlet tarapyndan goldamak boýunça strategiýasyndan ugur alnyp, bu hukuk namalary bilen biržada düzümleriň şertnamalaryny hasaba almak hem-de olaryň öndüren önümlerini birža söwdalarynda ýerlemek boýunça birnäçe ýeňillikler göz öňünde tutuldy. Bu resminamada milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň lomaý bazaryny ösdürmek, türkmen harytlarynyň eksport edilişiniň mukdaryny we ugurlaryny has-da giňeltmek boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, biržanyň işini kämilleşdirmek hem-de ony häzirki günüň talaplaryna kybap getirmek, esasy borçlary we wezipeleri täzelemek bilen baglanyşykly düzgünler anyk beýan edildi. 

Türkmen önümçiliginiň harytlarynyň dünýä bazarynda berk orunlary eýelemegi üçin ýurdumyzyň esasy bazar institutynyň işiniň ähli görnüşleriniň we usullarynyň kämilleşdirilmegi talap edildi. Bu bolsa häzirki zaman şertlerinde ähli işleri awtomatlaşdyrmazdan mümkin däldir. 

Häzir Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy döwlet Baştutanymyzyň ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek boýunça kesgitlän wezipelerini çözmek bilen, ýurdumyzda eksport-import amallaryny döwlet taýdan düzgünleşdirýän baş edarany hil taýdan täze derejä çykarmak maksadyny öňde goýdy.