Türkmen manady — ýurdumyzyň ykdysady özygtyýarlylygynyň kepili

Paýtagtymyzda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet hem-de paýdarlar-täjirçilik banklarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň hem-de ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. 

Maslahatyň barşynda türkmen şaýy pullarynyň taryhy, Beýik Ýüpek ýolunyň haryt-pul gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýetiren täsiri, bank ulgamynda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan oňyn özgertmeler, sebit we abraýly halkara maliýe düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk barada çykyşlar diňlenildi. 

Şanly sene mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlagy okaldy, onda halk hojalygy toplumynyň okgunly ösýän pudaklarynyň birine öwrülen bu möhüm ulgamda ýetilen sepgitler bellenilýär. 

Çykyş edenler bazar gatnaşyklarynyň kemala gelmegine we durnukly, bäsdeşlige ukyply bank ulgamynyň döredilmegine ýardam beren 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizilen milli manadyň ähmiýetini aýratyn bellediler. Şeýle möhüm çözgüdiň kabul edilmegi garaşsyz maliýe syýasatynyň geçirilmegini üpjün etdi hem-de hakyky ykdysady özygtyýarlylyga eýe bolmaga mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda türkmen manady Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ykdysady binýadyny pugtalandyrmakda möhüm orna eýedir. 

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy ösdürmegiň has netijeli nusgasyny döretmek boýunça toplumlaýyn çäreler geçirilýär. Munuň özi türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bank ulgamynyň durnukly işlemegi ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşini, ählumumy dünýä hojalyk gatnaşyklaryna üstünlikli goşulyşmagyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. 

Şunda içeri maliýe serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmäge hem-de ilatyň degişli isleglerini kanagatlandyrmaga ukyply bank hyzmatlaryny hödürlemek boýunça karz edaralarynyň ygtybarly ulgamyny kemala getirmek baş maksat bolup durýar. 

«Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011—2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» kesgitlenilen halk hojalygy toplumynyň bu ugruny kämilleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipelere laýyklykda, karzlaşdyrmagyň hem-de ilatyň bank goýumlarynyň möçberini artdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunda internet we onlaýn-bank hyzmatlaryny hödürlemegiň hasabyna pul amallarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyna uly üns berilýär. 

Şeýle hem telekeçiligi, şol sanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça taslamalary maliýeleşdirmegiň hasabyna höweslendirmek boýunça netijeli çäreler geçirilýär, munuň özi hususy kärhanalaryň sanyny artdyrmaga, goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berdi. 

Döwlet Baştutanymyzyň çuňňur oýlanyşykly maliýe syýasaty, onuň ýokary netijeliligi bu gün ýurdumyzyň ösüşiniň makroykdysady görkezijilerinde öz beýanyny tapýar. Geçirilýän çäreleriň netijesinde, milli pul birligi häzirki zaman elektron serişdelerinde işjeň peýdalanylýar. Ilat tarapyndan “Altyn asyr” bank kartlarynyň, “Visa” we “MasterCard” halkara töleg usullarynyň ulanylmagy pul dolanyşygyny ösdürmegiň täze tapgyryny açdy. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin uzak möhletli karzlaryň berilmegine, banklaryň maliýe hasabatlylygynyň halkara ülňülerine geçirilmegine, bu ulgamyň işgärleriniň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna uly üns berýär. Bu ulgamy düzgünleşdirýän milli kanunçylygyň döwrebaplaşdyrylmagy hem geçirilýän özgertmelerde uly ähmiýete eýedir. 

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda häzirki döwrüň ýagdaýlary hem-de bu ulgamda hereket edýän halkara hukugyň kadalary hasaba alnyp, kanunçylyk namalary kabul edildi. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda”, “Karz edaralary we bank işi hakynda”, “Mikromaliýe guramalary we mikromaliýeleşdirmek hakynda”, “Karz birleşmeleri hakynda”, “Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda”, “Fiziki şahslaryň goýumlarynyň hökmany kepilligi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bar. Çykyş edenler Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky, Aziýa ösüş banky, Yslam ösüş banky we beýlekiler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýetini bellediler. Köpýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda bu maliýe düzümleri ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynda milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan möhüm taslamalary amala aşyrmaga, maliýe we salgyt, statistika hem-de ykdysady dolandyryş ulgamlary üçin hünärmenleri taýýarlamaga işjeň gatnaşdylar. 

Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler, onda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda geljekde hem päk ýürekden zähmet çekjekdiklerine döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar. 

Şanly sene mynasybetli çäreleriň çäklerinde pul birlikleriniň nusgalary, Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan goýberilen gymmat bahaly metaldan ýasalan ýadygärlik şaýy pullaryň, milli şaý-sepleriň, ýurdumyzyň pulunyň taryhy baradaky neşirleriň sergisi guraldy.