Türkmenistanyň Prezidenti Pekiniň hytaý lukmançylyk uniwersitetiniň rektoryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pekiniň hytaý lukmançylyk uniwersitetiniň rektory jenap Sýuý Anluny kabul etdi. 

Myhman döwlet Baştutanymyz bilen mähirli salamlaşyp, wagt tapyp kabul edendigi we Aşgabada gelip görmäge hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanylyp geçirilýän çärelere hem-de halkara ylmy maslahata gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Jenap Sýuý Anlun Hytaýda dostlukly Türkmenistanyň giň möçberli özgertmeler ýolunda, şol sanda saglygy goraýyş ýaly möhüm ulgamda gazanýan üstünliklerine uly gyzyklanma bilen syn edýändiklerini aýtdy. Myhman milli Liderimizi şu gün bellenilýän baýramçylyk bilen mähirli gutlap, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda we ilatymyzyň saglygyny berkitmekde gazanan üstünliklerine ýokary baha berdi. 

Şunda köp ýyllaryň dowamynda milli saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň lukmançylyk ylmyna we tejribesine, bu ugurda halkara hyzmatdaşlyga goşan ägirt uly goşandy nygtaldy. Mälim bolşy ýaly, ajaýyp hyzmatlarynyň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Baştutanyna Pekiniň hytaý lukmançylyk uniwersitetiniň Hormatly professory ady dakyldy. Milli Liderimiz işiniň örän köpdügine garamazdan, ylmy işini işjeň dowam edýär hem-de ajaýyp eserleriň ençemesiniň awtory bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik ylmy işini aýratyn bellemelidiris. Bu ylmy iş dünýäniň dürli dillerine terjime edildi hem-de daşary ýurtly okyjylarda, şol sanda hytaýly hünärmenlerde uly gyzyklanma döretdi. 

Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, halkyň saglygy we abadançylygy baradaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Bu ulgamda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň täze, netijeli milli nusgasy döredildi. Ol bu ulgamda dünýäniň iň gowy gazananlaryna esaslanýar. “Saglyk” Döwlet maksatnamasy hem ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny öňdäki hatarlara çykarmaga gönükdirilendir. Bu maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde degişli düzümi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek boýunça netijeli çäreler görülýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda dünýäniň esasy ylmy merkezleri bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek möhüm ähmiýete eýedir. 

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de myhman saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň, hususan-da, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň we Pekiniň hytaý lukmançylyk uniwersitetiniň arasynda özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Hünärmenleri taýýarlamagyň hem-de olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň, pudaklaýyn ylym ugry boýunça gatnaşyklary ýola goýmagyň, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň wajypdygy nygtaldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, eýýäm degişli gepleşikleriň ençemesiniň geçirilendigi bellenildi. Şeýle hyzmatdaşlyk iki ýurduň we halklaryň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, strategik häsiýete eýe bolan netijeli türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ýardam eder. 

Jenap Sýuý Anlun ýurdumyzda hytaý lukmançylygynyň merkezini açmak baradaky teklibi beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz bu pikiri goldap, hytaý lukmançylygynyň gadymy döwürlerden bäri meşhurdygyny hem-de dürli keselleriň öňüni almakda we bejermekde köpasyrlyk tejribä eýedigini belledi. Häzirki wagtda hytaý lukmançylygynyň akupunktura, akupressura, sigun-terapiýa, taýszi sagaldyş gimnastikasy ýaly gadymy görnüşleri özüniň netijeliligini ýitirmän saklap gelýär we bütin dünýäde giňden ulanylýar. 

Myhman milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan döredijilikli we täzeçillik syýasatynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek hem-de tejribe alyşmak üçin oňaýly mümkinçilikleri döredýändigini nygtap, ýolbaşçylyk edýän uniwersitetiniň türkmen hyzmatdaşlary bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardygyny tassyklady. Şunda Aşgabatda geçirilýän “Saglyk—2016” atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň ähmiýeti bellenildi. Bu çäreler saglygy goraýyş ulgamynda özara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk meýdança öwrüldi.